logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri
  27.09.2026
134
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri

Ýurdumyz özbaşdak ösüş ýoluna düşen gününden bäri ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirip gelýär. Bäsdeşlige ukyplylygy artdyrmak, sanly ulgama geçmek şol özgertmeleri amal etmekde öňdäki orunlary eýeleýär.

 

Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde 4-nji orunda durýar. Energetika syýasatynda esasy üns energiýa serişdelerini dünýä bazaryna diwersifikasiýa ýoly bilen çykarmaga gönükdirilendir.

 

Ýurdumyzda importyň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek hem-de eksport ugurly önümçiligi artdyrmak boýunça milli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle çäreleri amala aşyrmakda häzirki wagtda türkmen telekeçileri toplumlaýyn işleri alyp barýarlar. Olaryň öndürýän önümleri halkara giňişlikde uly abraýdan peýdalanyp, alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrýar.

 

Türkmenistan ýokary hilli pagta önýän ýurt hökmünde hem bellidir. Pagtanyň hasyly döwrebap dokma toplumlarynda işlenip taýýarlanýar. Ekologiýa taýdan arassa we halkara standartlara gabat gelýän dokma önümler halk köpçüligine ýetirilýär. Bu işler hem ykdysadyýetimize özüniň oňaýly täsirini ýetirmek bilen bir hatarda, ýere ykbalyny baglan ynsanlaryň baýamagyny şertlendirýär.

 

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşi çig mal serişdelerini netijeli peýdalanmak, senagaty diwersifikasiýa etmek, hususyýetçiligi goldamak we sanly tehnologiýalary peýdalanmak ýaly çärelerden ugur alýar.

 

Aýlar JUMAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.