logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Anadoluda gadymy siwilizasiýalaryň täze syrlary açylýar
  24.09.2026
131
Anadoluda gadymy siwilizasiýalaryň täze syrlary açylýar

Müňýyllyklaryň dowamynda dürli siwilizasiýalara öý bolan Anadoly topragy arheologik açyşlary bilen ünsi çekmegini dowam etdirýär. Türkiýäniň dürli sebitlerinde alnyp barylýan gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde gadymy döwürlere degişli köp sanly gymmatly tapyndylar ýüze çykarylýar. Olaryň arasynda müňlerçe ýyl ozal gurlan suw çüwdürimleri, mermer heýkeller we beýleki taryhy eserler bar.

 

Burdur welaýatyndaky gadymy Kibira we Sagalassos şäherleri şeýle açyşlaryň esasy merkezleriniň biridir. Bu ýerlerde dikeldilen gadymy suw çüwdürimlerinden häzirki wagtda hem suw akýar. Takmynan 10 müň tomaşaça niýetlenen gladiator stadiony bilen tanalýan Kibirada 2025-nji ýylda monumental derwezeleriň golaýynda Rim imperatory Adriana degişli iki sany zeper ýetmedik heýkel tapyldy.

 

Sagalassosda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde bolsa Pan hudaýyny şekillendirýän ýaş ýigidiň heýkeli, şeýle hem Artemida, Ares we Apollon hudaýlarynyň şekilleri ýerleşdirilen barelýefler ýüze çykaryldy.

 

Antalýa welaýatyndaky gadymy Aspendos şäherinde hem möhüm tapyndylar amala aşyryldy. «Geljegiň mirasy» taslamasynyň çäklerinde geçirilen işler wagtynda lukmançylygyň hudaýy Eskulapy we onuň ogly Teleforany şekillendirýän, beýikligi 2,20 metre ýetýän mermer heýkeller topary tapyldy. Tapyndynyň biziň eýýamymyzdan soňky II asyryň soňky çärýegine degişlidigi bellenilýär.

 

Gadymy Aspendos teatry hem taryhy ýadygärlikleriň hatarynda aýratyn orun eýeleýär. Meşhur teatr tomus aýlarynda ýörite yşyklandyrylyp, myhmanlara gijeki gezelençler üçin açylýar.

 

Egeý sebitindäki gadymy Sard şäherinde, Lidiýa şalygynyň paýtagtynda hem ähmiýetli arheologik tapyndy edildi. Manisa welaýatynyň çäginde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde biziň eýýamymyzdan öňki V asyryň birinji ýarymyna degişli äpet ýaş ýigit şekillendirilen mermer heýkel tapyldy. Beýikligi 2,2 metre barabar bolan heýkel gowy ýagdaýda saklanypdyr we ýakyn wagtda Manisa muzeýinde köpçülige görkeziler.

 

Azizhan AMANDURDYÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.