Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦ ✦ Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Nesilleriň geljeginiň ygtybarly goragy
  19.12.2024
27
Nesilleriň geljeginiň ygtybarly goragy

Geçmişde edermen hem merdana millet hökmünde dünýä taryhynyň sahnasyna çykyp, şöhratly yz galdyran halkymyzyň parahatçylyk ýörelgeleri täze taryhy döwürde hem dünýäde belent ykrara eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa munuň täze bir beýanydyr.

 

Ynsanyýet ömrüniň dowamynda beýik maksatlara ýetmek üçin dyngysyz gözlegde, hereketde bolýar. Beýik maksatly ynsanyň arzuw-umytlaryny amala aşyrmagyň iň uly güýji — asudalyk we parahatlyk. Şu nukdaýnazardan, bu gün hemişelik Bitaraplygymyzyň ählumumy parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakdaky ähmiýetine uly gyzyklanma bildirilýär.

 

Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygy we parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmakda ýaşlara uly orun berilýär. Birleşen Milletler Guramasy hem ýaş nesilleriň arasynda parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ideallaryny has giňden ýaýratmaga çagyrýar.

 

Garaşsyz Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ençeme mejlislerinde wise-başlyklyga hem-de bu iri halkara guramanyň abraýly düzümleriniňdir ykdysady institutlarynyň agzalygyna saýlanandygyny buýsançly bellemek gerek. Hut eziz Watanymyzyň başlangyjy bilen dünýäniň syýasy senenamasynda täze baýramçylyk — Halkara Bitaraplyk güni döredi. Türkmen Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», 2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegi, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi üçünji müňýyllykda parahatçylyk taglymatynyň çuňlaşmagyna oňyn täsir etdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistanyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjyna yzygiderli eýermeli we ony tutanýerli öňe sürmeli. Wagt munuň dogrudygyny we esaslydygyny görkezdi» diýen parasatly sözleriniň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň, şol sanda milli diplomatiýamyzyň baş maksatlarynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň hem aýdyň beýanydyr.

 

Parahatçylyk — howpsuz ýaşaýyş. Parahatçylyk — ynsan ömürleriniň, nesilleriň geljeginiň ygtybarly goragy. Parahatçylyk — gülläp ösüşler.

 

Gandym WELLEKOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.