logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Economics /Nebit-himiýa senagatynyň ösüşi
  20.02.2025
643
Nebit-himiýa senagatynyň ösüşi

Türkmenistan dünýäniň esasy energetika döwletleriniň biri bolup, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny döretmäge aýratyn üns berýär. Energiýa serişdeleriniň elýeterli, ygtybarly we ekologiýa taýdan arassa çeşmeleriniň bolmagy ähli ýurtlaryň durnukly ösüşi we halklaryň abadançylygy üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Halkara bileleşigiň tagallalary hem hut şu maksada ýetmäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň we beýleki halkara forumlarynda bu ugurdaky Türkmenistanyň garaýşyny ençeme gezek beýan etdi. Onuň öňe süren netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolup, 2008-nji we 2013-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň orny» atly Kararnamalar bilen berkidildi.

 

Häzirki wagtda türkmen tebigy gazy Döwletabat — Derýalyk, Körpeje — Gurtguýy, Döwletabat — Hangeran gaz geçirijileri arkaly daşary ýurt bazarlaryna iberilýär. Şeýle hem Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň üsti bilen türkmen mawy ýangyjynyň dostlukly Hytaýa ýetirilmegi ýurdumyzyň halkara energetika hyzmatdaşlygyna goşýan uly goşandy hökmünde kabul edilýär. Mundan başga-da, ýylda 30 milliard kub metr gaz geçirmäge ukyply Gündogar — Günbatar gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi ýurduň ähli gaz geçirijilerini bir bitewi ulgama birleşdirdi. Bu bolsa türkmen energiýa serişdeleriniň Hazaryň üsti bilen halkara bazarlara çykarylmagy üçin möhüm şert döretdi. Türkmen tebigy gazyny dürli ugurlar boýunça eksport etmegiň çig mal binýady yzygiderli berkidilýär we infrastruktura giňeldilýär. «Galkynyş» gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda uglewodorod serişdelerine baý ýataklary ýüze çykarmak, nebitiň we gazyň çykarylyşyny hem-de gaýtadan işlenişini artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlara çykarmagyň dürli ugurlaryny döretmek, nebitgaz pudagynda innowasiýalary ornaşdyrmak, buraw we abatlaýyş işlerini çaltlandyrmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek we maýa goýumlary artdyrmak boýunça işlere uly ähmiýet berilýär.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow energetika pudagynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek sebit we dünýä derejesinde durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly uly işleri alyp barýar. Bu işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ösüşini üpjün etmäge we halkymyzyň abadançylygyna hyzmat etmäge gönükdirilendir.

 

Ýusup MURADOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň uly mugallymy.