Ata Watanymyz Türkmenistanda tebigy baýlyklarymyz bolan nebitdir gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň zähmet toparlary tutanýerli zähmet çekýärler. Konserniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň düzümindäki bu öňdebaryjy kärhana şu ýylyň birinji çärýeginden ýokary önümçilik görkezijilerine eýe boldy.
Öz işini geçen asyryň 50-nji ýyllaryndan bäri üstünlikli alyp barýan bu baýry nebitgaz çykaryş müdirliginde ösen tehnologiýalaryň, kämil, kuwwatly daşary ýurt enjamlarynyň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Bu ýerde her gije-gündizde ortaça 2 müň 100 tonna «gara altyn» we 350 müň kub metr tebigy gaz çykarylýar. Häzirki wagtda müdirligiň hünärmenleri Gumdag, Guýjuk, Gögerendag, Ekizak, Ördekli, Uzynada ýaly nebitgaz känlerinde ýangyç çig mal serişdelerini çykarmak işleri uly depginde alnyp barylýar. Olar 369 guýudan nebit, 42 guýudan bolsa tebigy gaz we gaz kondensatyny çykarmaklygy öz öňlerinde maksat edip goýýarlar.
Geljegi uly bolan täze Uzynada käninde alnyp barylýan ýokary öndürijilikli işler hem şu müdirligiň düzümine degişlidir. Meýdançada burawlanan guýulardan alynýan uglewodorod çig mallary taýýar görnüşine getirilip, döwlet ammaryna tabşyrylýar. Uzynada käninde önümli guýularyň sany barha artýar.
Kärhana Demirgazyk Ördekli meýdançasynda gazy saýlaýjy nobatdaky täze desgany tapgyrlaýyn işe giýberdi. Bu desga köpsanly amatly şertleri döredip, ozal bar bolan käbir kynçylyklary aradan aýyrmaga mümkinçilik döredýär. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, ýer astyndan çykarylýan ýangyç çig mal serişdeleriniň gatyşyk ýagdaýda akdyrylmagy turba geçirijilerde basyşyň ýokarlanyp, geçirijiligiň peselmegine getirýär. Olaryň täze gurlan desgada saýlanylmagy bilen geçirijileriň işi kadalaşdy. Şonuň netijesinde guýularyň önüm berijiligi ýokarlanyp, her gije-gündizde ortaça 350 tonna goşmaça nebit çykarmaga şert döretdi.
Iki toplumdan ybarat bu desganyň biri önümçilik kuwwatyna laýyklykda, her gije-gündiziň dowamynda 5 million kub metr «mawy ýangyjy» ýörite geçirijiler arkaly Körpeje gaz çykaryş müdirligine ugradýar. Beýleki biri bolsa 3 müň 500 tonna «gara altyn» akymyny arassalap, toplap Gumdag känindäki nebit taýýarlaýyş we akdyryş bölümine iberýär.
Häzirki wagtda hem «Nebitgazburawlaýyş» tresti çuňňur önümli gatlaklary senagat taýdan özleşdirmek maksady bilen 5 sany ulanyş guýusynyň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň düzümleri bolsa 2 sany gözleg-barlag guýusynyň gazuw işlerini geçirýärler. Ýakyn wagtda Uzynada käninde ýene 5 sany ulanyş, 5 sany gözleg-barlag guýularynyň gazuw işlerini tamamlap, ulanyşa tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi, täze özleşdirilýän meýdançalaryň ulanylyş mümkinçiliginiň uludygyna şaýatlyk edýär.
Iskender SEMENDEROW,
Çärjew etrabynyň 50-nji orta mekdebiniň
başlangyç synp mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň
işjeň agzasy.