Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan we onuň ykdysadyýeti uly ösüşler bilen öňe barýar. Häzirki döwürde, ýurduň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak we täzeçil usullary kabul etmek meselelerine aýratyn üns berilýär.
Durmuşa geçirilýän özgertmeler, ýurdumyz üçin ähli pudaklarda, hususan-da, nebitgaz senagatynda, toplumlaýyn ösüşi üpjün etmäge giň mümkinçilikler açýar. Ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolan ýangyç-energetika ulgamynyň işi yzygiderli kämilleşdirilip, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribesi we tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Bu bolsa, ulgamyň önümçilik kuwwatynyň we gaýtadan işleýän pudagyň yzygiderli ösüşine ýol açýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan, öňdebaryjy tehnologiýalar we innowasiýalar arkaly ýangyç-energetika pudagynyň innowasion ösüşini gazanmak üçin toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirýär.
Häzirki wagtda täze tehnologiýalaryň, önümçiligi dolandyrmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply ýokary hilli önümleriň önümçiliginiň artmagy göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda öňdebaryjy pudaklaryň biri bolan nebitgaz pudagynda, önümçiligiň ýokary hilli tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, täze gazyp almak we gaýtadan işlemek pudaklarynyň kämilleşdirilmegi boýunça uly işler alnyp barylýar. Nebitgaz senagatynyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ony döwrebaplaşdyrmak, "mawy ýangyjyň" eksport ugurlaryny ösdürmek we täze känleriň senagat taýdan özleşdirilmegi milli ykdysadyýetimize möhüm goşant goşýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlary, döwrebap bilim almak, ylym bilen meşgullanmak, halal zähmet çekmek we Watanymyzyň geljekki ösüşine mynasyp goşant goşmak üçin giň mümkinçiliklere eýedir. Bu mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.
Agagül NYÝAZLYÝEWA,
Türkmennebit Döwlet konserniniň
Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.