logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Näme üçin süýt ak reňkde?
  20.03.2023
1248
Näme üçin süýt ak reňkde?

Süýt gündelik durmuşda köp peýdalanylýan ýokumly we gymmatly önümleriň biridir. Ol özündäki ýokumly maddalary bilen bedene ýaramly täsir edýär. Ýer ýüzünde süýt öndürýän süýdemdirijileriň 5000-den gowrak görnüşi bar. Dürli haýwanlarda onuň tagamy we düzümi ep-esli üýtgäp biler, ýöne reňki köplenç şol bir reňkde  bolmagynda galýar. Aslynda süýdüň näme sebäpden ak reňkde bolmagy köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Bu meseläni çözmek üçin ilki bilen süýt önümi hakda durup geçmek ýerlikli bolar. Süýt – bu ýokumly suwuklykdyr. Esasy wezipesi-de nesil ýetişdirmek we şol sanda gündelik iýmitlik häsiýetidir. Mälim bolşy ýaly, ýaş çagalar çagalygynda gaty iýmitleri siňdirip bilmeýärler, şonuň üçin hem süýt bedeniň siňdirip biljek ýeke-täk maddasydyr. Süýdüň düzüminde onuň peýdalylygyny üpjün edýän 50-den gowrak makro we mikroelementler bar. Islendik süýt önümlerinde magniý, natriý, hlor, kaliý, fosfor, ýod, sink bar. Süýdüň iň möhüm elementi hem kalsiýdir. Ol önümleriň aňsat siňdirilmegini üpjün edýär we süňkleri berkitmäge kömek edýär. Süýdüň ak reňkine kazein diýilýän çylşyrymly belok jogapkärdir. Sygyr süýdünde onuň mukdary ähli beloklaryň 87% -ne deňdir. Bu madda önümde kalsiý duzy (kalsiý kazeinat) görnüşinde bolýar. Onuň düzüminde adam üçin zerur bolan ähli aminokislotalar saklanýar. Bu 20 aminokislotanyň 8-si adam bedeni tarapyndan öndürilmeýär. Şonuň üçin hökman iýmit arkaly kabul edilmeli. Süýtde bar bolan kazein miseller diýlip atlandyrylýan sferiki bölejikleri döredýär. Olar şeýle bir ýeňil we kiçidir welin, olar çökmeýär, suwuklykda ýüzýär we süýde ak reňk berýär. Kazein süýtden izolirlenip, guramagyna sezewar bolsa, netijede süýt tagamy we ysy bolmadyk ak çökündä öwrülýär. Süýdüň bu reňki kazein reňkini ýasamak üçin hem ulanylýar. Kazein süýde ak reňk bermekden başga-da, köp peýdaly aýratynlyklara eýedir. Ol fosforyň we kalsiniň baý çeşmesidir. Aşgazana girende gaty haýal ereýär, şonuň üçin süýt siňdirmek has aňsatdyr. 

Süýt başga reňkde hem bolup bilermi? 

Süýt diňe ak reňkde bolýar, ýöne käbir haýwanlarda dürli öwüşginli bolup biler. Süýdüň reňkine haýwanlaryň iýmitleniş ýagdaýy hem täsir edip biler. Mysal üçin, iri şahly mallar hemişe käşir bilen iýmitlendirilýän bolsa, onda olar sarymtyl öwüşginli süýt önümi berip başlar. Eger öri meýdanlarynda lýutikler maşgalasyna degişli ösümlikler köp bolsa, onda mallaryň süýdüniň reňki gülgüne bolar. Iň ak reňklisi, towşanlaryňkydyr. Onda 15% kazein bar. Ikinji ýerde düzüminde 12% belok bolan kit süýdi, üçünji ýeri keýik süýdi (10%) eýeleýär. Şeýle-de bolsa, sygyr süýdünde bary-ýogy 5% kazein bar, emma bu mukdar iýmitlik üçin ýeterlikdir. 

 

Sadokat ALLAKULIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.