logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Näme üçin medisina işgärleriniň ýörite geýimleri ak reňkli bolýar?
  15.03.2023
1580
Näme üçin medisina işgärleriniň ýörite geýimleri ak reňkli bolýar?

Adamlaryň daşky görnüşinden, geýýän eşiklerinden olaryň kärini bilmek bolýar. Ýörite geýilýän geýimleriň esasynda belli bir kärde işleýän adamlar bilen adaty adamlary aýratynlandyrmak mümkin. Islendik adam eýýäm çagalyk döwründen başlap, ak eşikli ynsany görende onuň medisina işgäridigini bilýär. Eýsem, näme sebäpden medisina işgärleriniň geýýän ýörite geýimleri ak reňkli bolýar? Bu sowal halk köpçüligini gyzyklandyrýan bolsa gerek!

Ak reňk - arassalygyň reňki. Ak reňkli eşiklere sähelçe ownujak hapa degse hem derrew bildirýär, şol hapanyň ýok edilmäge degişlidigini aňladýar. Hapanyň ýok ýerinde kesel hem ýokdur. Adatça, diňe lukmanlar ak reňkli geýim geýýärler. Bu reňk islendik adamyň psihikasyna oňaýly täsir edýär. Adamlarda reňke görä emosiýa döreýär. Olaryň keýpi, şähdaçyklygy hem reňklere baglydyr. Ak reňk birek-biregiň, ýagny hassa bilen lukmanyň arasynda ynamly gatnaşygyň bardygyny aňladýar. Ak reňk energiýanyň, arzuw-islegiň, hyjuwlylygyň reňki.

Öňki döwürlerde hassalar bilen iş salşan medisina işgäriniň eşiklerini zyýansyzlandyrmak üçin ýörite himiki serişdeleriň kömegi bilen suwda birnäçe sagatlap gaýnadypdyrlar. Gaýnan eşikleriň reňki solup, dura-bara agarypdyr. Şondan soňra medisina işgärleriniň ýörite geýimleriniň ak reňkli bolmalydygy barada pikir orta atylypdyr. Ilkinji gezek lukmanlar üçin ak reňkli ýörite geýim geýmeklik baradaky pikir XIX asyryň ahyrlarynda meşhur doktor D.Lister tarapyndan öňe sürlüpdir.

Hassalar ak eşikli lukmanlary görende özlerini ýeňil duýýarlar. Olaryň agyrylary azalýar. Sebäbi olar bu ak reňkli eşikli ynsanyň özleri üçin kömege gelendigine düşünýärler. 

 

Arazbibi NAZAROWA,

Myrat Garryýew adyndaky 
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Harby meýdan
terapiýa kafedrasynyň mugallymy,
l/g maýory.