Ählimize mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 22 — 25-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçirilýän «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik düýn badalga aldy. Bu halkara bäsleşige daşary ýurtlaryň 9-ysynyň 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-dan gowrak magistrler we talyplar, şeýle-de, ýurdumyzyň 20 sany ýokary okuw mekdebinden talyp ýaşlar gatnaşýarlar.
Halkara olimpiada gatnaşyjylar ýurdumyza dabaraly ýagdaýda, ýokary taýýarlykly, uly myhmansöýerlik we hoşniýetlilik däplerine laýyklykda gyzgyn garşy alyndy. Şeýle-de, myhmanlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýine, «Ak öý», «Ýaş žurnalistler» ylmy-döredijilik gurnagynyň çägindäki okuw studiýasyna, «Ýaş diplomatyň sesi» atly elektron gazetiniň redaksiýasyna baryp gördüler. Halkara derejede geçirilÿän bäsleşikleriňdir olimpiadalaryň yzygiderli ýagdaýda Türkmenistanda geçirilmegi bolsa diýseň buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleridir iri ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň has-da berkeýändigini alamatlandyrýar. Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk ylym-bilim almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz egsilmezdir.
Döwletgeldi ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.