logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Muzeýe gezelenç gurnaldy
  25.04.2023
1299
Muzeýe gezelenç gurnaldy

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň iş meýilnamasy esasynda etrap bilim bölüminiň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamagynda Tejen etrabynyň Tejen şäheriniň çägindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurnaldy. Bu gezelenje etrabyň jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän zenanlar hem-de etrabyň 42-nji orta mekdebinde bilim alýan okuwçy gyzlar gatnaşdylar.

Gezelençde oňa gatnaşyjylar muzeý bilen giňişleýin tanyşdylar. Onda gadymy el işleriniň sergisi, şaý sepler, öý goşlary, gadymy pullar, tebigatyň gözelligine gözellik goşýan öý we çöl haýwanlar, birnäçe görnüşli guşlaryň sergisi gezelenje gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Gezelenjiň dowamynda şeýle eşretli durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

 

Maral AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Ahal welaýatynyň Tejen etrap 
birleşmesiniň esasy hünärmeni,
Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.