18-nji maýda her ýyl bellenilip geçilýän Muzeýleriň halkara güni mynasybetli Täjigistan Respublikasynyň Milli muzeýinde «Muzeý gijesi» atly halkara çäre guraldy. Bu çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýörite sergi açyldy. Oňa Täjigistanyň Medeniýet ministrliginiň we Duşenbe şäher häkimliginiň ýerine ýetiriji edarasynyň ýolbaşçylary, Täjigistanda akkreditirlenen daşary ýurtly Ilçiler, Täjigistanda bilim alýan türkmen talyplary we Duşenbe şäheriniň ýaşaýjylary işjeň gatnaşdylar.
Serginiň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamynyň astyndan çykan «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» we «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Şeýle hem sergide Gahryman Arkadagymyzyň eserleri, Magtymguly Pyragynyň dürli dillerdäki goşgularynyň ýygyndylary we türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň eserleri oňa gatnaşyjylarda ýakymly ýatlamalary emele getirdi.
Serginiň dowamynda türkmen halk sazlary we aýdymlary belentden belent ýaňlanyp, çäräni uly ruhubelentlige besledi.
Daýanç NAZARLYÝEW,
Türkmen Döwlet maliýe institutynyň
1-nji ýyl talyby.