Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Mümkin bolmadyk «mümkinçilikler»
  25.02.2023
1005
Mümkin bolmadyk «mümkinçilikler»

Köplenç durmuşda göwünde beslän arzuwlaryňa tarap barýan ýolda «hiç zat mümkin däl!» diýýärler. Şeýle mazmundaky sözler size nähili täsir edýär? Oňa gulak asyp oturmalymy ýa-da diňe öňe sary ymtylmalymy? Elbetde, ilkinji nobatda özüňe ynanmagy başarmaly we näme bolsa-da arzuwlaryňyzyň başa barmagy ugrunda yhlas etmeli. Aslynda, «çarçuwalaryň» ýagny çäkleriň diňe kellämizde bardygyny ýatdan çykarmalyň. 

Mümkin bolmadyk «mümkinçiliklere» nädip ýetmeli?

Pikirleriňizden başlaň.
 

Hemme zat pikir bilen başlaýar. Içki pikiriňiz, isleýän zadyňyz aýdyň bolmaly. Islegler bulaşyk bolanda, ol oňyn netijelere-de ýetirmeýär. Pikirleriň amala aşmagy bolsa hereketlere baglydyr. Adam näme isleýändigini anyk bilse, onda ol oňa ýetmek üçin ähli zady edýär. 

Ünsüňizi jemläň. 

Üns her bir zatda gaty möhümdir. Ünsüňizi, wagtyňyzy we güýjüňizi dogry ýerde dogry zada sarp etseňiz, garaşylýan netije siziň bilen bolar. Ünsüňizi sowýan zatlara üns bermän, ähli pikirimiz maksadymyzda bolmaly. 

Arzuwlaryňyzy çäklendirmäň. 

Islegleriňizde sada bolmaň. Iň gowusyny arzuw ediň. Hatda düýşüňizde hem özüňizi çäklendirseňiz, hakyky durmuşyňyz hem garyp bolar? Pikir ediň, arzuw ediň, göz öňüne getiriň. Käbir adamlar muny wagt ýitirmek we biderek zat diýip hasaplaýarlar. Aslynda, arzuwlar hyýaly oýandyrýar, aňy güýçlendirýär we täze pikirleri döredýär, has gowy netijelere ýetmäge kömek edýär. 

Şowsuzlyklaryňyzy kabul ediň. 

Ýüze çykýan ýalňyşlyklar we şowsuzlyklar hem belli bir derejede peýdaly bolup biler. Ýalňyşlyk – bu tejribedir. Şowsuzlyklar dogry çözgüt tapmaga kömek edip biljek ýagdaýa täzeçe garaýyş berip biler. Ýalňyşlyklardan sapak almaly. Her gezek şowsuzlyga uçran wagtyňyz, her bir kynçylygyň dünýäniň soňy däldigine düşünmek zerurdyr. Şowsuzlyklar ynsany taplaýar. Üstünlige barýan ýol hem şondan geçýär. Şowsuzlyklar näçe köp bolsa, şonça-da üstünlik gazanmak mümkinçiligi hem artýar. 

Egoňyzy öňe geçirmäň. 

Üstünlik ynsany ulumsy adam hem edip biler. Elbetde, gazananlaryňa buýsanmagyň hiç hili ýalňyşlygy ýok, ýöne üstünlikleri gereginden artyk ulaltmajak bolmaly. Has öňe geçirilen ego, başgalaryň tankytlaryna we nädogry bahasyna sebäp bolýar. 

Senenama ulanyň. 

Bir maksat goýanyňyzda, oňa ýetmek üçin sene belläň. Maksadyňyz geljege gaty ýakyn bolsa, ony birnäçe ownuk böleklere bölüň, olar üçin sene belläň we senenama ulanyň. Aý üçin niýetlenen maksatlaryňyzy ýazyň, her gün üçin maksatlaryňyzy ýazyň. Guramaçylykly hem ünsli bolmak, mümkin bolmadyk «mümkinçilikleri» açmaga kömek eder. 

Maksadyňyz üçin wagt tapyň. 

Ösüş gazanmak üçin ünsi bir zada gönükdiriň. Bir wagtyň özünde birnäçe ownuk maksat bolup biler, ýöne diňe bir uly maksat bolmaly. Maksadyň üstünde işlemek üçin her gün wagt bölüň. Muny her gün etseňiz, ol kem-kemden endige öwrüler. 

Maksadyňyz hemişe myradyna gowuşsyn, gadyrly dostlar!

 

Mekan DURDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.