logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Culture /Moskwa şäherinde Magtymguly Pyraga bagyşlanan konsert geçirildi.
  10.04.2024
596
Moskwa şäherinde Magtymguly Pyraga bagyşlanan konsert geçirildi.

Russiýa Federasiýasynyň «Zurab Sereteli sungat galereýasy» çeperçilik akademiýasynyň Muzeý-sergi toplumynyň konsert zalynda türkmeniň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen dabaraly konsert geçirildi.

 


Bu konsert Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň we Moskwanyň N.Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwalynyň bilelikde guramagynda geçirilip oňa, Russiýanyň diplomatik wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri hem-de Russiýada bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdy.

 


Bu döredijilik konsertinde iki döwletiň medeniýet we sungat işgärleri çykyş edip, N.Halmämmedow, D.Öwezow, A.Pahmutowa, Ç.Nurymow, Eduardo Di Kapua, N.A.Rimskiý-Korsakow ýaly meşhur kompozitorlaryň döreden aýdym sazlary ýerine ýetirildi.

 


Häzirki wagtda Türkmen – Rus gatnaşyklary barha ösýär, iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklara 32 ýyl bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer, ykdysady we ulag kommunikasion gatnaşyklar alynyp barylýar.


Gulälek Jumadurdyýewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.