Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda CIET-2025 forumy geçiriler ✦ ✦ Ženewada bitaraplyk meselelerine bagyşlanan halkara forum geçirildi ✦ ✦ BMG-niň Baş Assambleýasy «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamany kabul etdi ✦ ✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Mollagara şypahanasy
  01.03.2021
1706
Mollagara şypahanasy

      Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde halkymyzyň saglygyny goramak gönüden-göni ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady dünýäniň öňdebaryjy we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyklykda düýpgöter berkidildi. Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli ugurlary bilen birlikde şypahana ulgamynda hem beýik özgertmeler amala aşyrylýar. Şypahanalaryň durky täzelendi we olarda täze binalar gurlup, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Şeýle şypahanalaryň biri hem diňe ýurdumyzda däl, dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan Mollagara şypahanasydyr. Häzirki wagtda bir asyra golaý taryhy bolan bu melhemler mesgeni özüniň kerem-keramaty boýunça, şol sanda bejeriş-sagaldyş aýratynlygy babatda dünýä ähmiýetli merkezleriň biri hasaplanýar. Mollagaranyň şypahana hökmünde meşhur bolmagynda onuň kölüniň bimöçber ähmiýeti bardyr. Köl diýlende, ozaly bilen, ýaýraw suw giňişligi göz öňüňde janlanýar. Emma bu ýerde suwuň mukdarynyň göze görünýän gorlary onçakly giň däl. Geň ýeri-de, kölüň suwy azalyp-köpelenok, oňa keseden gelip guýýan akaba-da ýok. Dogrusy, tomsuň jöwzaly, ýanyp duran yssysynda kölüň şor suwy bugaryp, öz-özünden gutaraýjak ýaly. Häzirki wagtda ol ýerde ýylyň dowamynda nerw keselleri, bogun-damar keselleri, guragyry, bursellýoz, oňurga keseli, dyza we bogunlara duz ýygnama, bil süňkleriniň sowuklamagy ýaly birnäçe keseller bejerilýär. Şypahanada laý, duzly suw wannasy, elektrikleşdirilen palçyk we yşyk bilen bejeriş gezekleşdirme usulynda yzygiderli ulanylýar. Mollagara şypahanasynda dünýäniň kämil lukmançylyk enjamlary we beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş bölümleri we otaglary bolup, öz işine ussat lukmanlara halkymyza ýokary derejeli hyzmat etmek üçin has oňaýly mümkinçilikler döredilendir. Şypahanada oňurgasyna zeper ýeten näsaglary bejermäge niýetlenilen ýörite bölüm hereket edýär. Şypahananyň bil-oňurga bölümi ilki 1998-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berilýär. Bu bölüm Merkezi Aziýada ýeke-täk bölüm bolup, agyr bil-oňurga şikesli näsaglara bejergi almaklyk üçin giň mümkinçilikler bardyr. Häzirki döwürde Mollagara şypahanasy tanalmaz derejede özgerdilip, birnäçe täze binalar bilen üsti ýetirildi. Häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilip, bu ýerde öz saglyklaryny dikeltmäge gelýänlere ýylyň ähli paslynda ýokary derejede dünýä ülňülerine laýyk hyzmat edilýär. Bu ýerde näsaglary gyzdyrylan daşlar, Garagumuň gyzgyn çägesi we ozon gazy, ýurdumyzyň dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylan erginler bilen bejermegiň täze we netijeli usullary hem giňden ulanylýar. Şypahanada öz saglyklaryny berkitmäge gelýän adamlaryň oňat dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilendir. Bu ýerdäki täze açylan kitaphanada, internet-kafede, restoranda we dükanlarda we beýleki medeni-durmuş maksatly otaglarda adamlara medeniýetli hyzmat edilýär.