logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Society /Möhüm ähmiýetli pudak
  02.05.2023
708
Möhüm ähmiýetli pudak

Täze Galkynyşly zamanamyzda ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz ähli ugurlaryň ösdürilmegine, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny döretmek, senagat kärhanalaryny, häzirki zaman söwda merkezlerini, döwrebap şäherçeleri hem obalary gurmak boýunça möhüm wezipeleri ýola goýmaklyga uly üns berýär. Bu işleri amala aşyrmakda hususy pudaga uly orun degişlidir. Häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly ýokary hilli önümleri öndürmekde, iri taslamalary alyp barmakda ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň netijeli işleri bellärliklidir. Kiçi we orta telekeçilere salgyt goldawyny bermeklige, ýeňillikli şertleri döretmeklige, täze iş orunlarynyň döredilmegine, haryt-söwda dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna oňaýly şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, telekeçilik düzüminiň kämilleşdirilmegi, eksport-import amallarynyň geçirilmegi üpjün edilýär. Bu çäreler kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça netijeli çäreler geçirilýär. Bu çäreler döwlete dahylsyz bölegiň wekilleriniň hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň işjeňligini höweslendirmek arkaly goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilmelidir. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary önümçilik we durmuş maksatly binalary, ýaşaýyş jaýlaryny, kärhanalary, mekdepleri, çagalar baglaryny, lukmançylyk merkezlerini, sport desgalaryny, ýollary we düzümleýin desgalary yzygiderli gurýarlar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalarynyň ak bagtyň şäheri bolan, Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezi bolan Arkadag şäheriniň dürli desgalarynyň, «Aşgabat-sitiniň», paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň, Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň we senagat kärhanalarynyň gurluşyklaryny alyp barýandyklary buýsandyryjydyr. Şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan oba hojalyk, azyk we senagat kärhanalaryny döretmek boýunça maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak arkaly gök önümleri, üzümi, ir-iýmişleri ösdürip ýetişdirmek, maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, döwrebap ýyladyşhanalary, azyk önümlerini saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlary gurmaga möhüm ähmiýet berilýär. Eksport ugurly önümçilikde oba hojalyk önümlerinden başga-da, dokma senagatynyň we dürli azyk harytlarynyň, senagat pudagynda bolsa gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň aýratyn orun eýeleýändigini hem bellemek gerek. Şunda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

 

Azamat JORAKULYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy 
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.