Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ HGI-de halkara okuw-usuly maslahat geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanda halkara olimpiadalar we okuw-usuly maslahatlar geçiriler ✦ ✦ Balkanly dokmaçylaryň zähmet üstünligi ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy Malaýziýada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça olimpiada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda zehin soraglary boýunça olimpiada guraýar ✦ ✦ Ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk ✦ ✦ Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi ✦ ✦ Türkmen-amerikan bilim hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Saglyk /"Mizemez gadam" buýan derman kärhanasyny ulanylmaga berdi
  23.10.2024
244
"Mizemez gadam" buýan derman kärhanasyny ulanylmaga berdi

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde "Mizemez gadam" hususy kärhanasy buýan kökünden derman serişdesi, glisirrizin turşusyny öndürýän täze kärhanany açdy. Kärhana her ýyl 390 tonna buýan kökünden dermanlyk serişde öndürip, içerki we daşary ýurt bazarlaryna eksport etmegi maksat edinýär. Bu taslama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.

Lebap welaýatynda gurlan bu täze kärhananyň gurluşygy Italiýanyň «Adipson Ind. Srl.» kompaniýasynyň taslamasy esasynda amala aşyryldy. Kärhana Türkmenabat — Mary awtomobil ýolunyň ugrundaky senagat zolagynda ýerleşip, Italiýadan getirilen döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylmagy bilen üpjün edildi. Kärhananyň işläp başlamagy bilen, ekologik taýdan arassa dermanlyk serişdeleri öndürilip, içerki bazar bilen birlikde daşary ýurtlara hem eksport ediljekdir. Bu barada Türkmen Metbugat habar berýär.

Ýakup ALLAMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy