logo

Latest news:
✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦
Home / Economics /Milli ykdysadyýetimiz ösüşlere beslenýär
  04.01.2024
601
Milli ykdysadyýetimiz ösüşlere beslenýär

Garaşsyz,  Baky  Bitarap Watanymyzy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasynyň» wezipelerine laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyz dünýä we sebit döwletleri,  abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek, döwletimiziň milli ykdysadyýetini  diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatynda uly işler alnyp barylýar.

 

 

Döwletimiz  milli ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. Şol nukdaýnazardan ugur alnyp, ykdysadyýetimize, ylmyň we tehnikanyň öň­debaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak arkaly obasenagat toplumyny ösdürmekde we azyk bolçulygyny üpjün etmekde ýokary netijeler gazanylýar.

 

 

Ýurdumyz dünýä döwletleriniň arasynda özüniň ýangyja we elektrik energiýasyna bolan isleglerini öz hususy baýlyklary bilen doly kanagatlandyrýar, şeýle hem onuň ep-esli bölegini daşary ýurtlara çykarýar. Türkmenistan milli we umumadamzat bähbitlerine özüniň ägirt uly energetika mümkinçiligini netijeli peýdalanmaga örän jogapkärli çemeleşmäge ygrarlylygyny bildirýär hem-de bu ugurda anyk wezipeleri ýerine ýetirýär. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hem ony dünýä bazaryna ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybarat bolup durýar.   Häzirki wagtda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşyklary dowam etdirilýär. Aşgabat şäherinde Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylmagy pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin şertleri döredýär.Balkan welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň düýbiniň tutulmagy  hem bu pudakda alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasydyr.

 

 

Bereket ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.