Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Milli ykdysadyýet sanlylaşdyrylýar
  05.05.2024
207
Milli ykdysadyýet sanlylaşdyrylýar

Eziz ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyjy esasynda milli ykdysadyýeti sanlaşdyrmak we ýurdumyzy häzirkizaman elektron senagaty bolan ösen döwlete öwürmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistany 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda esasy maksatlaryň biri hökmünde ýokary tehnologiýaly sanly ykdysadyýetiň we elektron senagatynyň şertlerine uýgunlaşdyrylan bazar özgertmeleriniň dowamly durmuşa geçirilmeginiň üpjünçiligi bellenilýär.   

 

Bu wezipeleriň çözgüdinde esasy orny banklar eýeläp, olaryň ösüşiniň esasy maksatlary uzak aradaşlykdaky hyzmat edilmäniň, şol sanda, internetiň we mobil bankinginiň, özara hasaplaşyklaryň elektron serişdeleriniň, beýleki maliýe gurallarynyň peýdalanylmagydyr. Ilata hyzmatlaryň şu toplumyny hödürlemek mümkinçiligi dürli ýurtlaryň bank ulgamlarynyň esasy artykmaçlyklarynyň biri bolup durýar.

 

Türkmenistanyň banklary Internet-banking diýen umumy ady alan uzak aradaşlykdaky hyzmat edilmäniň geljegi bolan tehnologiýalaryny giňden özleşdirýärler. Internet-banking öz gözbaşyny geçen ýüzýyllygyň 80-nji ýyllaryndan, haçanda ABŞ-da goýumçylara özleriniň hasaplaryny telefonyň üsti bilen bankyň kompýuterine birikmek arkaly barlamak mümkinçiliklerini hödürlän Home Banking ulgamynyň döredilen wagtyndan alyp gaýdýar. Häzirki wagtda demirgazyk Ýewropa we Amerika ýurtlarynda şu görnüşli hyzmatlardan ilatyň 50 göterimden gowragy peýdalanýar, internetiň kämillik ýaşyna ýeten ulanyjylarynyň arasynda bolsa bu san 90 göterime ýetdi.        

 

Internet-banking ulgamynyň hödürleýän mümkinçilikleri ilkinji nobatda, tiz we ýeňil usulda pullaryň hümmetleri, täze bank önümleri, bank täzelikleri hakynda maglumaty almak, pul ýagdaýlary hakynda maglumaty bilmek mümkinçiligini berýär. Biziň ýurdumyzda bar bolan, köp banklar tarapyndan hödürlenilýän Internet-banking ulgamynyň diňe hasaplar boýunça göçürmeleri görmek hyzmatyny öz içine alýandygyny aýratyn belläp geçmeli. 

 

Bankyň müşderileri edaradan çykman diňe bir özleriniň bank hasaplaryny ýöretmek däl, eýsem, belli bir derejede çykdajylary kemeldip we wagtlaryny tygşytlap bilýärler.

 

Sylap KULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.