Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysady özgertmeleriň geçirilmegi halk hojalygynyň pudaklarynyň işini täzeçe, döwrüň talabyna laýyklykda guramaga we ony dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi esasynda kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetiň özboluşly nusgasyny kemala getirmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistan jemi içerki önüminiň möçberi yzygiderli artýan döwlet hökmünde halkara guramalar tarapyndan belent ykrarnama eýedir.
Garaşsyz Watanymyzda milli ykdysadyýeti durnukly ýagdaýda ösdürmek, bazar özgertmelerini mundan beýläk-de ilerletmek, durmuş ulgamynyň durnuklylygyny saklamak we ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, eksportyň möçberini artdyrmak, importyň düzümini kämilleşdirmek, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, täze iş orunlaryny döretmek, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçmegi bilen, hususyýetçiligiň ösdürilmegine aýratyn orun berilýär. Soňky ýyllarda kiçi we orta telekeçiligiň ösüşini işjeňleşdirmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda onuň işini kämilleşdirmek boýunça göwrümli işler amala aşyryldy.
Türkmenistan daşary ykdysady işiň kämilleşdirilmegine ýokary ähmiýet berýär. Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak bilen bagly geçirilýän işleriň çäklerinde, 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana bu guramada synçy hukuk derejesi berildi. 2022-nji ýylyň fewralynda bolsa BSG-niň Baş geňeşiniň agza ýurtlary tarapyndan Türkmenistana «goşulýan ýurt» derejesi berildi.
«Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämize laýyklykda amala aşyrylýan durmuş syýasaty ykdysady ösüşiň ýokary görkezijilerine ýetmäge niýetlenendir.
«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokary ösüşlere eýe bolýar. Bu ösüş halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny kepillendirmäge gönükdirilýär.
Aýnoza HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň
mugallym öwrenijisi.