logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Milli mirasymyz dabaralanýar
  14.04.2024
651
Milli mirasymyz dabaralanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halky dünýä ýüzüne ýaň salýan oňyn özgerişleriň mekanynda ýaşaýar. Günsaýyn galkynýan ajaýyp döwrümizde gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz, pederlerimiziň döwletlilik ýörelgeleri aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem nusgawy edebiýatymyzy, taryhy şahsyýetlerimizi, alymlarymyzy ylmy esaasda içgin öwrenmek bilen bagly asylly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýaş nesilleriň kalbynda ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten gadymy gymmatlyklarymyza söýgi döretmekde, buýsançly taryhymyzy giňden dabaralandyrmakda ýokary ähmiýete eýedir.

 

Ruhy gymmatlyklar bilen bir hatarda Diýarymyzyň täsin taryhy-medeni künjekleridir ÝUNEKSO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda girizilen binagärlik ýadygärlikleri daşary ýurtly raýatlar üçin syýahatçylyk mümkinçiliklerini ýyl-ýyldan giňeldýär. Dünýä jahankeşdeleri güneşli Türkmenistanyň her daban ýerini uly gyzyklanma bilen synlaýarlar. Dünýä siwilizasiýasynyň iň gadymy medeni ojaklarynyň biri bolan bu mukaddes toprakdan dörän ençeme alymlaryň, beýik taryhy şahsyýetleriň mertebesi bu günki günde bütinadamzat tarapyndan arşa göterilýär. 

 

Türkmen halkynyň örän baý taryhy mirasyny goramaga, öwrenmäge hem-de halkara derejede wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Şirin HANMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.