Milli pulymyzyň dolanyşyga girizilmegi, pul bilen baglanyşykly birnäçe meseläni çözmegi talap etdi. Bu meseleler arasında manadyň durnuklylygyny üpjün etmek, kadaly hereketini ýola goýmak, goraglylygy gazanmak we satyn alyp bilijilik ukybyny ýokarlandyrmak ýaly çäreleri görkezmek bolar.
Ýurdumyzda alnyp barylýan çäreler kärhanalaryň öz-özüni maliýeleşdirmek ýörelgelerine geçmek arkaly önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, importy çalyşmaga, eksporta niýetlenen önümleriň möçberini artdyrmaga, gymmatyny peseltmäge we zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaga, ylmyň, tehniki ösüşleriň we innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmaga, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilikler döredilýär.
«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» çäklerinde nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Halkbank terminal», «QR-kod» we elektron söwda ýaly onlaýn bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak we kämilleşdirmek işlerine yzygiderli maýa goýum serişdeleri goýulýar.
Şeýle görnüşli sanly bank hyzmatlary müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, pul geçirimlerini ýeňilleşdirmäge we ilatyň gymmatly wagtyny we serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Rasul ATAJANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.