logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Milli bahar baýramyna bagyşlanyp aýdym-sazly dabara geçirildi
  18.03.2025
982
Milli bahar baýramyna bagyşlanyp aýdym-sazly dabara geçirildi

Günsaýyn gülläp ösýän eziz diýarymyza dost-doganlygyň mekany, asuda parahat ýurdumuzda göwünleriň ganaty ýazlar ýylgyryp, Milli bahar baýramyny – Halkara Nowruz gününi alyp geldi. Gadymy däp-dessurlarymyzyň biri bolan Milli bahar baýramy eziz Watanymyzyň ähli künjeginde hem uludan toýlanýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda gadymy däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň alamatydyr.

 

Ynha şu gün hem Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherindäki “Arzuw” toý mekanynda etrap häkimliginiň iş meýilnamasy esasynda medeniýet bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu aýdym-sazly dabara kümüş saçly enelerimiz, bilim ulgamynda, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärler gatnaşyp, Milli bahar baýramynyň gelmegi bilen ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň taryhy däp-dessurlaryny nesilden-nesle geçirmek babatynda taýsyz tagallalary amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri hemişe belent bolsun!

 

Bägül  GURBANOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen  etrap 
birleşmesiniň esasy hünärmeni.