Alymlar häzirki wagtda kiçijik oňurgasyz haýwanlar bilen gyzyklanýarlar, sebäbi olaryň iň kyn şertlerde-de, şol sanda açyk kosmosda hem uýgunlaşmaga we ýaşamaga özboluşly ukyby bar.
Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň alymlary tardigradlar diýlip atlandyrylýan mikroskopik oňurgasyzlaryň ýaýraýşynyň syryny açdylar. Olar ýaşaýan ýerlerini ýeliň kömegi bilen giňeldýän ekenler. Bu organizmler sekiz aýakly, mikroskopik oňurgasyzlar bolup, olary bütin dünýäde tapyp bolýar. Olar doňdurma temperaturasy ýa-da güýçli radiasiýa ýaly oňaýsyz şertlerde gysylýar we çuňňur gyşlamak ýagdaýyna batýar.
Zoolog Denis Tumanow aýtmagyna görä “Tardigradlar ömrüniň dowamynda gurap bilýär, guran görnüşde bolsa olar gaty ýeňil bolýar, şonuň üçinem ýel olary äkidip bilýär. Tropiki ýerlerde hemişelik öwsüp durýan ýeller - passatlar bar, olar ekwatora ugurdaş tropiki zonadan we hemişe gündogardan günbatara öwüsýär. Bu hemişe öwsüp durýan güýçli ýel hakykatdanam tardigradlary göterip äkidip biler "- diýip, hünärmen düşündirýär.
Onuň aýtmagyna görä, alymlaryň öwrenen ýetginjek tardigradesiniň nusgasy bir bölejik ýüňden tapyldy.
Şemşat Şyhmuhammedowа,
Türkmen oba hojalyk
Institutynyň talyby.