2024-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti bilen duşuşyk boldy. Taraplar ýaşyl we durnukly energetika, metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşykda gün we ýel energiýasy, energiýany saklamak we geçirmek babatdaky hyzmatdaşlyk meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bilelikde işleşmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Medekow Maksat
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby