logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Sport /Meşhur oýunçy 700-nji goluny tora saldy
  11.10.2022
1308
Meşhur oýunçy 700-nji goluny tora saldy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo topar derejesinde 700-nji goluny geçirdi.

Angliýanyň «Premýer Ligasynda» 11-nji tapgyrda «Mançester Ýunaýted» myhmançylykda «Ewerton» bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda «Mançester Ýunaýted» 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ronaldo ýeňiş getiren 700-nji goluny 44-nji minutda geçirdi. Ronaldo 700 gol üçin 943 duşuşyk geçirdi.