logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Economics /Merkezi we Günorta Aziýada energetika taslamalarynyň geosyýasy täsiri: durnukly ösüşiň täze mümkinçilikleri
  22.03.2025
895
Merkezi we Günorta Aziýada energetika taslamalarynyň geosyýasy täsiri: durnukly ösüşiň täze mümkinçilikleri

Ýaňy ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Bu çäre, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde guraldy. Gahryman Arkadagymyzyň foruma gatnaşmagy forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Foruma Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň döwlet edaralarynyň we iri kompaniýalarynyň wekilleri, halkara guramalar, maliýe institutlary hem-de Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.


Merkezi Aziýa taryh boýunça söwda we medeni gatnaşyklaryň möhüm merkezi bolup, siwilizasiýalaryň çatrygynda ýerleşýär. Infrastruktura we üstaşyr ulag geçelgeleri diňe bir harytlary daşamak bilen çäklenmän, eýsem dostluk we ynanyşygyny pugtalandyrmagyň hem möhüm guraly hökmünde çykyş edýär. Şu forumyň Türkmenistanda geçirilmegi tötänden däldir. Türkmenistan parahatçylygyň durnukly ösüşiň esasy binýady bolup durýandygy baradaky ýörelgä esaslanyp, Bitaraplyk hukuk derejesini sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmegiň bähbidine gönükdirýär.

 

Şeýle hem, ulag ulgamy sebitara hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Merkezi Aziýanyň amatly geografik ýerleşişi ulag-logistika ulgamynyň ösmegi üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Ulagyň dürli görnüşleriniň özara arabaglanyşygynyň üpjün edilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy. Bu ugurda durmuşa geçirilýän taslamalaryň geljek üçin uly mümkinçilikleri döredýändigi aýratyn bellenildi.

 

Merjen JUMAGYLYJOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.