14-15-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Hökümetiniň goldamagynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda «Merkezi Aziýada «ýaşyl» energetikany ösdürmek: mümkinçilikler we meseleler» atly halkara sebitleýin maslahaty geçirildi. Bu garyşyk görnüşde (onlaýn we ýerinde) geçirilen forumda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri, şeýle hem Germaniýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan we Täjigistandan gelen halkara bilermenler we hünärmenler gatnaşdylar.
Maslahatda «ýaşyl» energetika ulgamyny ösdürmekde sebitleýin öňdebaryjy tejribeler, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, «ýaşyl» wodorod we onuň geljegi, howanyň üýtgemegi we «ýaşyl» energetika, wodorodyň ekologiýa we daşky gurşawa täsiri, gün energetikasynyň resurs potensiallary ýaly birnäçe möhüm tema ara alnyp maslahatlaşyldy. Şolaryň arasynda, «Ýaşyl» energetikany ösdürmekde esasy ugurlar we şeýle taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin mümkinçilikler we meseleler hakynda ylmy çykyşlar diňlenildi.
Halkara maslahatyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary we talyplary tarapyndan geçirilýän ylmy işleriň sergisi guraldy. Bu sergi ýaş alymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň «ýaşyl» energetika we täzelenýän energiýa çeşmeleri boýunça gazanan üstünliklerini görkezmek, şeýle-de ýurdumyzyň bu ugurda gazanan tejribelerini we ykdysady mümkinçiliklerini beýan etmek üçin möhüm bir platforma bolup durdy.
Maslahatyň geçirilmeginiň esasy maksady, Türkmenistanyň we ÝHHG-nyň 2024-nji ýyldaky bilelikdäki işleriniň meýilnamalary çäklerinde, «ýaşyl» energetika ulgamyny ösdürmek boýunça dünýä tejribesini öwrenmek, bu ugurda meýilleşdirilen çäreleri üstünlikli amala aşyrmak we şeýle hem ýurdumyzda bilim ulgamynyň Konsepsiýalarynda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekdi. Foruma gatnaşyjylar, «ýaşyl» energetika, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we innowasion çözgütler arkaly sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barada giňişleýin pikir alyşmalar alyp bardylar.
Begenç ATAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.