logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy
  09.08.2021
832
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy

     Mälim boluşy ýaly 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda  Berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwrinde halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşyna gönükdirilýän özgertmeleri raýat jemgyýetini demokratiýalaşdyrmagyň dünýä nusgalyk göreldesine öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň has eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen belent maksatly tutumlary bu gün barha rowaç alýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy geçirildi. Zenanlaryň dialogyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilleri ilki myhmanhananyň foýesinde guralan amaly- haşam sungatynyň sergisini synladylar. Soňra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasy geçirildi.

   Dialogyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady. Çykyşlarda Merkezi Aziýada gender diňligini ösdürmek boýunça syýasatyň durmuşa geçirilmegi sebitleýin hyzmatlaşlygyň tejribesi barada pikir alşyldy.