Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Mekdep okuwçylary bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  13.09.2024
178
Mekdep okuwçylary bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň takyk we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebinde ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanyp geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda mekdep okuwçylary we ol ýerde zähmet çekýän mugallymlar işjeň gatnaşdylar.

 

Wagyz-nesihat duşuşygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýetilýän sepgitler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen tagallalaryň rowaçlyklara beslenilişi dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Ýaşlaryň hünär öwrenmegi, döwrebap şertlerde zähmet çekmegi, gurmagy, döretmegi, ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine saldamly goşant goşmagy babatynda döredilen giň şertlerdir mümkinçilikler barada aýdylanlar gyzgyn goldaw tapdy.

 

Wagyz-nesihat duşuşyga gatnaşanlar Watanymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Şöhrat Akmämmedow
TMÝG-niň
Babadaýhan etrap
Geň
eşiniň guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.