Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Uzak ýaşaň Arkadag! - Toýly Jänädow ✦ ✦ Bir gektar ýerdäki ösümlikler näçe kislorod öndürýär? ✦ ✦ Ekerançylyk medeniýetiniň gözbaşy ✦ ✦ Arkadag şäheri – ýaşlaryň şäheri ✦ ✦ 1 million tonnadan gowrak bugdaý Watan harmanyna tabşyryldy ✦ ✦ Medeniýetiň sarpalanýan diýary ✦ ✦ «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsümi başlandy ✦ ✦ «Magtymguly» diýip adym tutsalar... ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap durmuşyň nusgasy ✦ ✦ Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi dowam edýär ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Medeniýetiň sarpalanýan diýary
  27.06.2024
45
Medeniýetiň sarpalanýan diýary

2024-nji ýylyň 22-nji iýunynda her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi ilkinji gezek Arkadag şäherinde badalga aldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda sebitiň “akylly” megataslamasy bolan Arkadag şäherinde giňden dabaralandyrylýan Medeniýet hepdeligi halkymyzyň şöhratly taryhynyň, milli mirasymyzyň, edebi gymmatlyklarymyzyň waspyny äleme ýaýýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda döredilen bu meşhur forum ýurdumyzda 12-nji gezek geçirilýär.   

 

Toýlary toýa ulaşýan güneşli diýarymyzda Medeniýet hepdeliginiň dowam edýän günlerinde ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk konsertidir döredijilik agşamy, Arkadag şäheriniň açylmagynyň 1 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary medeni forumyň çäreleri bilen utgaşyp, halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy.  

 

Milli medeni mirasy ösdürmäge we dünýäde giňden wagyz etmäge, täze zehinleriň ýüze çykmagyna we halkyň medeni derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen asylly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

Aziza HUDAÝNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
III ýyl talyby.