logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar!
  31.03.2023
1126
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar!

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy 2023-2024-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde we 5-nji maýynda sagat 9.00-da geçiriljek «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar! 

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, ýokary okuw mekdebinde taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülikleýin işler barada giňişleýin maglumatlar, şeýle hem «Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň muzeýi» bilen tanşyp bilerler. 

Konserwatoriýanyň salgysy: Aşgabat şäheri, 1984-nji köçesiniň 22-nji jaýy. 

Habarlaşmak üçin telefonlar: 92-28-85, 92-36-11.