Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Matematika boýunça internet bäsleşigi: zehinli okuwçylar bäsleşýär
  06.11.2024
142
Matematika boýunça internet bäsleşigi: zehinli okuwçylar bäsleşýär

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň XII synp okuwçylary üçin “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly internet bäsleşigi geçiriler. Bu bäsleşikde her orta mekdepden üç okuwçy gatnaşyp biler. Gatnaşyjylar barada degişli maglumatlary bäsleşigiň tertipnamasynyň 1-nji goşundysyna laýyklykda dolduryp, 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 15-ne çenli tdydi.olimp.matematika@gmail.com elektron poçtasyna ibermeli.

Bäsleşik matematika dersi boýunça taýýarlanylan algebra, ähtimallyklar nazaryýeti, sanlar nazaryýeti, algebra we analiziň başlangyçlary we stereometriýa bölümlerine degişli 5 sany meselelerden durýar. Okuwçylaryň çözmeli meseleleri türkmen, rus we iňlis dillerinde taýýarlanar. Bäsleşik Aşgabat, Arkadag şäherlerinde, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda, welaýatlarda bolsa degişli Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdeplerinde 2024-nji ýylyň 22-nji noýabrynda, sagat 10:00-da başlar.

Goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: +99312486256, +99365623225, +99365404502.

Maglumat üçin: education.gov.tm.