«Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasyndan soňra maslahatyň «Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde akyldar şahyryň edebi keşbi» atly 1-nji bölümçesi öz işine başlady.
Ylmy-amaly maslahatyň 1-nji bölümçesini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi M.Meredow alyp bardy.
1-nji bölümçäniň maslahatynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy M.Geldimämmedow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy A.Täşliýew, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy M.Nurlyýewa, «Türkmenistan» gazetiniň öz habarçysy B.Baýhanow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dünýä taryhy kafedrasynyň mugallymy J.Öwezowa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby O.Ataýewa, şeýle-de, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 5-nji ýyl talyby Ý.Allanazarow dagylar çykyş etdiler.
Çykyş edenler:
ýaly temalar boýunça çykyş etdiler.