logo

Latest news:
✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦
Home / Society /Maslahatdan ugur alyp
  04.10.2020
716
Maslahatdan ugur alyp

     Türkmenistanyň Halk maslahaty jemgyýetimizde demokratik başlangyçlaryň barha rowaçlanýandygynyň nobatdaky aýdyň beýany boldy. Maslahat hemişe bolşy ýaly, halkymyzyň öz milli Lideriniň daşyna öňkidende ysnyşykly jebisleşýändigini türkmen jemgyýetinde agzybirligiň we jebisligiň höküm sürýändigini halkymyzyň ruhy-medeni taryhy mirasyna däp-dessurlaryna sarpa goýandygyny we olaryň mundan beýläkde ösdürilmegi ugrynda alada edýändigini görkezdi. Milli Liderimiz hukuk ulgamyny aýratynda kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmek wezipelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda taryhy maslahatda sözlän sözünden Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň esas goýujy hukuk binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň soňky ýyllarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we syýasy durmuşda bolup geçýän özgertmeler bilen döwrüň talaplaryna laýyk gelýändigini nygtap Milli kanunymyz bolan Konstitusiýamyza üýtgeşmeleri we goşmaçalary girizmegi bizi has-da buýsandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň gol çekmegi bilen hil taýdan täze iki palataly ulgama geçilmegi halkymyzyň, jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge ýagny demokratiýanyň döwrebap kämilleşdirilmegine oňaýly täsir berer. Munuň özi  ýurdumyzyň esasy Kanyny döwrüň talabyna laýyk özgertmäge hem-de bu işde ähli gatlaklaryň bähbitlerini nazara almaga gň mümkinçilikleri döreder.