Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň milli taryhyny dikeltmek babatda köp işler bitirildi. Gadymýetiň syrly sahypalaryny öz goýnunda gizläp ýatan türkmen topragynyň dürli künjeginde geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryşlarynyň netijesinde uly açyşlaryň üstünden baryldy. Belli arheolog W.I.Sarianidiniň gadymy Marguş ýurdunyň paýtagty hasaplanýan Goňurdepede soňky 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda geçiren gazuw-agtaryşlarynyň netijesinde dünýä medeniýetiniň öň ylma näbelli bolan täze ojagynyň — Margiana siwilizasiýanyň üsti açyldy.
Marguşdaky arheologiýa barlaglary netijesinde gadymy marguşlylaryň dini ynançlary, ybadathanalary barada birnäçe subutnamalar — o:t ybadathanasy, suw ybadathanasy, haoma içgisiniň taýýarlanylýan ybadathanasy ýüze çykaryldy. Gadymy marguşlylar dünýäniň esasy iki başlangyjyna — oda we suwa keramat hökmünde çokunypdyrlar. Küli keramat hökmünde aýap saklapdyrlar. Gadymy Marguş ilkinji dünýä dininiň — zoroastrizmiň dünýä inen topragydyr. Gadymy Marguş ýurdunyň paýtagtyndan senetçileriň ýasan nepis hem gaýtalanmajak önümleriniň nusgalary tapyldy. Küýze önümleri ýörite çarhlarda ýasalyp, kürelerde bişirilipdir. Daşdan, süňkden, metaldan ýasalan, dürli şekiller bilen bezelen möhürler marguşlylaryň döreden täsin sungatydyr. Misden, bürünçden, altyndan, kümüşden ýasalan bezeg önümleri bir tarapdan marguşlylaryň dünýägaraýşyndan, beýleki tarapdan bolsa bu ýerde ýaşan ilatyň gurplulygyndan habar berýär.
Gadymy Marguş ýurdunyň dürli ýadygärliklerinden tapylan itiň, goýnuň, atyň ýörite jaýlanan guburlaryndan tapylan ysthanlary ata-babalarymyzyň bu jandarlara nähili hormat goýandygynyň aýdyň subutnamalarydyr. Bürünçden ýasalan gapda şekillendirilen düýäniň şekili bolsa marguşlylaryň ýedi hazynanyň biri hasplanylýan düýäni idedendigini görkezýär. Goňurdepedäki şa gonamçylygyndan tapylan dürli sýužetli mozaiki diwar bezegleri bolsa örän gymmatly tapyndy bolup, şeýle nusgalara entek dünýäniň başga hiç ýerinde gabat gelinmändigini nygtamalydyrys.
Arheologiýa barlaglarynyň netijesinde onuň Mesopotamiýa, Harappa medeniýetleri bilen ýygjam aragatnaşykda bolandygyna şaýatlyk edýän ençeme subutnamalaryň üsti açyldy. Harappadan we Mohenjo-Darodan, Marguşda bolsa onuň paýtagty hasaplanýan Goňurdepeden tapylan şäher galyndylaryny özara deňeşdirsek, gadymy siwilizasiýalaryň ösen şäher medeniýetiniň bolandygyna, ikisiniň-de özara ýygjam medeni gatnaşygyň hasabyna ösendigine göz ýetirmek bolýar. Altyndepeden, Goňurdepeden tapylan möhürler gadymy türkmenistanlylar bilen Harappa medeniýetiniň arabaglanyşygynyň bolandygyna şaýatlyk edýär. 2004-nji ýylda W.I.Sarianidi tarapyndan Goňurdepäniň köşk-ybadathana toplumyndan gadymy hindi dilindäki ýazgyly we piliň şekili çekilen, Harappa täjirleriniň öz harytlaryny möhürlän möhüriniň tapylmagy gadymy Marguşyň ilatynyň Hindistan bilen ýygjam söwda gatnaşyklarynyň bolandygyna, Goňurdepäniň möhüm söwda merkezleriniň biridigine güwä geçýär. Şeýle ýaky medeni gatnaşylar Marguş ýurdy bilen Mesopotamiýanyň arasynda hem dowam edipdir. Umuman, Marguşdan tapylan tapyndylar onuň ýaşynyň beýleki merkezleriňkiden kiçi däldigini, gaýtam köp babatda gadymydygyny äşgär edýär.
Häzirki döwürde Türkmenistan dünýä bileleşiginde durnukly, parahatçylyk söýüji we depginli ösýän döwlet hökmünde bellidir. Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy tutuş dünýä açylýan ýurdumyzyň esasy nyşany bolup durýar. XXI asyrda Goňurdepe tümlükden çykyp, döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, nesilleriň dowamatynyň we bütindünýä medeni mirasyň umumadamzat gymmatlyklarynyň aýdyň nyşanlarynyň birine öwrüldi.
Suraý ORAZSEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.