logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Sport /Maradona - 62 ýaşy mynasybetli ýatlanyldy
  31.10.2022
969
Maradona - 62 ýaşy mynasybetli ýatlanyldy

Argentinaly suratkeş, Maradonany 62 ýaşynda bellemek üçin Buenos Aýresdäki binada ullakan äpet suratyny çekdi. Diwar suratkeşi Martin Ron, Maradonanyň 1990-njy ýylda geçirilen Dünýä çempionatyndaky suratyny 1,60 inedördül metrlik diwara çekdi.

Rona - diwardaky edil hakyky ýal edip çekilen surat üçin 800 litr boýag gerek boldy. Ron 45 metr beýiklikdäki äpet suratyň iň uly ýadygärligidigini aýtdy.

41 ýaşly meşhur diwar suratkeşi Martin Ron: «Ol meşhur futbol söweşijisidi. Onuň dünýäniň iň gowy oýunçysydygyny eýýäm bilýäris. Ol kynçylyklara döz geldi, hat-da ýaralandy, kyn ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz boldy» - diýip belläp geçdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, Maradona 2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda 60 ýaşynda ýüreginiň durmagy sebäpli aradan çykdy. Meşhur futbolistiň aradan çykmagy bilen millionlarça adam ýas tutdy.