logo

Soňky täzelikler:
✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦ ✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Mämmetweli Kemine barada
  12.02.2021
4666
Mämmetweli Kemine barada

    Ýagny, Mämmetweli Kemine 1770-nji ýylda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň töwereginde, Garadöwletiň maşgalasynda eneden dogulýar. Onuň ýaşlygy Sarahs etrabynyň we Mary welaýatynyň çäklerinde geçiripdir. Ol ilkinji bilimini Sarahs etrabynyň oba mekdebinde bilim alýar. Şol ýerde ol bir ahundan bilim alýar, emma bu hem Mämmetweliniň bilesi geliji ýüregini kanagatlandyrmaýar. Halk arasyndaky gürrüňlere görä Kemine Buhara medreseleriniň birinde okapdyr. Soňra ol bilimini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Hywa Äraly Işanyň ýanyna gidýär. Şeýlelik-de, şahyr Äraly işan ýaly döwrüniň meşhur piri bolan deň derejede sowady alan adam bolupdyr.

    Şahyr obadaşy bolan Gurbanbagt diýen gyz bilen maşgala durmuşyny gurýar. Ikisinden Allaýar we Hudaýýar diýen iki sany ogullary bolupdyr. Kemine deň-duşlary bilen oturuşmagy, saz söhbeti söýýän şahandaz adam bolupdyr. Ol Aly bagşy atly döwrüniň belli bagşysy bilem ýakyn gatnaşykly bolupdyr. Aly bagşynyň Keminäniň goşgularynyň biziň günlerimize ýetip gelmeginde hyzmaty örän ulydyr. Sebäbi bagşy şahyryň şygyrlaryny heňe geçirip, halk arasynda aýdym edip aýdypdyr we ýaýradypdyr.

     Kemine 1840-njy ýylda 70 ýaşynda aradan çykypdyr. Şahyryň nebereleri häzirki wagtda Mary welaýatynyň Baýramaly we Türkmengala etrabynda ýaşaýarlar.

     1971-nji ýylda häzirki Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Alam obasynyň töwereginde Keminäniň mazarynyň Ajygam depäniň 400m. günbatarynda Teke peýkal diýen ýerde ýerleşýändigi ýüze çykaryldy.