«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýurdumyzyň aýdyň geljeginiň anyk beýanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçiriljek bu maksatnamada milli ykdysadyýetimiziň daýanjy bolan oba hojalygyny has-da ösdürmeklige, ulgama häzirki zaman tejribesini ornaşdyrmaklyga uly üns berilýär.
Obasenagat toplumyny döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek, ýurdumyzyň ilatynyň maldarçylyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, mallaryň baş sanyny artdyrmakda, olaryň tohumçylyk-seçgi işlerini alyp barmakda, önümliligini ýokarlandyrmakda we ot-iýmlik binýadyny berkitmekde degişli işleri geçirmek boýunça anyk wezipeler goýuldy.
Döwlet ýurduň maldarçylyk ylymlarynyň emele gelmegi barada ýakyndan alada edýär, guşçulykda tejribe ähmiýetli ugurlarynyň emele gelmegini höweslendirýär, telekeçilere – maldarçylyk önümlerini öndürijilere guramaçylyk we maliýe kömegini berýär. Bu hususy maldarcylyk hojalyklaryny ösdürmäge kuwwatly itergi berdi. Ukyply oba hojalyk önümlerini öndürijiler ýurtda gurulýan maldarçylyk toplumlarynyň köp bölegi düşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýarlar.
Täze taryhy döwrümizde oba hojalygyny ösdürmekde ägirt uly mümkinçiliklerimiz bar. Hususan-da, toplumyň azyk, maldarçylyk, et we süýt senagaty ýaly kärhanalarynyň kuwwatlylygyny artdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Öz nobatynda, bular oba hojalygynda ekerançylygyň, maldarçylygyň ösdürilmegi bilen deň hatarda, agrosenagat toplumynda taýýar önümleriň öndürilişiniň ýokarlanmagyna we ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine doly mümkinçilik berer.
Obasenagat toplumynda maldarçylyk hojalyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, et we süýt öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen uly möçberli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen oba hojalygynyň maldarçylyk pudagyny ylmy esasda döwrebap ösdürmäge, mallaryň baş sanyny artdyrmaga, daşary ýurtlardan ýokary önümli tohumlary getirip, toprak-howa şertlerimize uýgunlaşdyrmaga döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzyň welaýatlarynyň etraplarydyr obalarynda döwrebap maldarçylyk toplumlary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär.
Merdan ŞÜKÜROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň
Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.