Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Saýlawlara görülýän taýýarlyk ✦ ✦ Saglyk ynsan ýaşaýşynyň gözbaşy ✦ ✦ Türkmen - gazak dostlugy pugtalanýar ✦ ✦ Berkarar döwleti arzuw eden akyldar şahyra sarpa ✦ ✦ Täze Konsepsiýa: halkara tejribe, millilik, ösüş ✦ ✦ Magtymguly Pyragy - ylham çeşmesi ✦ ✦ Täze eýýamyň üme dessury ✦ ✦ Arkadag şäheri – geljegiň şäheri ✦ ✦ Hukuk medeniýetini ösdürmek — döwrüň talaby ✦ ✦ Magtymgulynyň edebi mirasyna sarpa ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Magtymgulynyň edebi mirasyna sarpa
  04.07.2024
50
Magtymgulynyň edebi mirasyna sarpa

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden bäri Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda beýik şahyryň hormatyna «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanunlar kabul edildi. Golaýda bolsa bu hukuk namalarynyň üsti «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen ýetirildi. Bularyň ählisi beýik akyldaryň şahsyýetine, umumadamzat ähmiýetli döredijiligine, parasatly öwüt-ündewlerine goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

 

Häzirki wagtda Milli Liderimiziň nusgalyk göreldesi bilen, türkmen halkynyň şöhratly taryhynda öçmejek yz goýan şahsyýetleri, akyldarlary we şahyrlary hormatlamak, olaryň ömür-döredijiligini ylmy taýdan öwrenmek babatda başy başlanan beýik işler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň şeýledigini Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Şu ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz şu babatdaky işleri has-da ilerledip, geljekde Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny kanun esasynda berkidip, ebedileşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläpdi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisinde «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şu ýylyň 7-nji iýunynda bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şol Kanuna gol çekdi. Ýurdumyzyň milli kanun çykaryjylyk tejribesinde ilkinji gezek belli bir şahsyýetiň ömrüni we döredijiligini içgin öwrenmek, medeni mirasyny ebedileşdirmek hem-de geljek nesillere ýetirmek maksady bilen taýýarlanan bu Kanun 4 bapdan, 18 maddadan ybaratdyr.

 

Beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan çäreleriň çäklerinde şu ýylyň 17-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we onuň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Paýtagtymyzyň günorta bölegindäki belent baýyrlykda dikilen äpet heýkel türkmen halkynyň öz görnükli söz ussadyna goýýan çuňňur hormatynyň nyşany bolup, alyslardan seleňläp görünýär.

 

Begligylyç SAPAROW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan
emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň
döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň
Daşoguz welaýat müdirliginiň
Daşoguz şäher bölüminiň döwlet bellige alyjysy.