30-njy sentýabrda Moskwada M.I. Rudomino adyndaky Bütinrussiýa Daşary ýurt edebiýaty döwlet kitaphanasynyň merkezi eýwanynda Magtymguly Pyragynyň bürünçden ýasalan heýkeliniň açylyş dabarasy boldy.
Dabarada Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, degişli pudak edaralarynyň wekilleri, Russiýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyp ýaşlar we türkmen diasporasynyň agzalary gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E. Aýdogdyýew, Russiýanyň Medeniýet ministriniň orunbasary S. Perşin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili M. Şwydkoý, M.I. Rudomino adyndaky Bütinrussiýa Daşary ýurt edebiýaty döwlet kitaphanasynyň Baş direktory P.L. Kuzmin, Magtymguly Pyragynyň eserlerini rus diline terjime eden I. Ýu. Golubniçiý we beýleki myhmanlar çykyş etdiler.
Şeýle hem çärä hormatly myhman hökmünde Jemagat diplomatiýasyna goldaw bermek boýunça A.M. Gorçakow adyndaky gaznanyň ýerine ýetiriji direktory L. Draçewskiý we Magtymguly Pyragynyň heýkelini döreden Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň agzasy, suratkeş-heýkeltaraş Z. Babaýew gatnaşdy.
Malahat Otekowa
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 3 ýyl talyby.