Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini bellemek boýunça ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk çäreleri barha dabaralanýar. 17-nji maýda beýikligi 160 metr bolan Magtymguly Pyragynyň bürünçden edilen heýkeliniň hem-de “Magtymguly Pyragy” medeni-seýligäh toplumynyň açylyş dabarasy bolup geçdi.
Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahata we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy türkmen halkynyň Milli Lideriniň parasatly pikirleri bilen berk baglydyr. Akyldar şahyryň döwletlilik, berkararlyk, agzybirlik hakyndaky arzuwlary bu günki bagtyýar döwrümizde hasyl boldy.
Şeýle-de Hormatly Prezidentimiz türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtady.
Yhlas Bakyýew,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň talyby.