Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦ ✦ Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda
  10.06.2024
322
Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda

Mälim bolşy ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidimynyň mejlisinde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” Kanuna gol çekendigini nygtap geçipdi. Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň dowamynda ýurdumyzda geçirilýän düýpli özgerişler netijesinde öňümizde duran beýik işleri amal etmekde Gündogaryň beýik akyldarynyň edebi mirasynyň ähmiýeti barada söz açmak bilen: “Bu başlangyçlary döredilikli dowam etdirip, biz geljekde Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny kanun esasynda berkidip, ebedileşdirsek hem maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin” diýip, jaýdar pikiri öňe sürdi.

 

Bu garaýyş adamzadyň ruhy medeniýetiniň genji-hazynasyna, nesilleri terbiýelemegiň edebi mekdebine öwrülen beýik akyldaryň mirasyny köptaraplaýyn açyp görkezmek ugrunda alnyp barylýan işleri has hem döredijilikli dowam etdirmek baradaky alada bilen berk baglanyşyklydyr. Ol — döwrüň zerurlygy. Çünki beýik akyldaryň egsilmez filosofik mirasy adamzadyň şu günki derwaýys meselelerini çözmegiň ygtybarly paýhas esasyny düzýär.

 

Bilşimiz ýaly, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny taýýarlanyldy. Bu Kanun Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň hukuk esaslaryny belleýär hem-de şu babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Şu Kanun IV bap, 18 maddadan ybaratdyr.

 

Selbi ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.