Magtymguly Pyragy hakda gürrüň edilende ilki bilen serimize dolýan närseler şahyryň döredijiliginde adamlarda oňat häsiýetleri terbiýelemekde uly orny öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlary esasy orny eýeleýär. Bu mowzukda Magtymguly atamyz "Janyna degmez", "Durasyň geler", "Ýör biläni", "Il ýagşy", "Zor bolar", "Bolar"", "Aýrylma" ýaly onlarça şygyr ýazypdyr. Şahyr bu goşgularynda döwürdeşlerine asylly terbiýe bermek, olaryň mert, ar-namysly bolmaklaryny nesihat edip, binamys, namartlary ýaňsa alypdyr. Şahyr "Zor bolar" diýen şygrynda:
Ýagşylykda ile özün tanydan
Alkyş alyp, derejesi zor bolar,
- diýip, her bir ynsany ýagşy işlere ündemäge, il-günüň alkyşlaryny alyp, agzybirlikde ýaşamaga çagyrýar.
Şahyr oňat häsiýetleri ündände, ýaramaz häsiýetleri ýazgaranda, wagyz-nesihat etmek tärinden peýdalanýar. Magtymguly Pyragy oňat-gylyk häsiýetler adamyň bezegi diýip düşünipdir.Beýle diýmek, bilen adamy onuň jemgyýetde özüni alyp barşy we görüm göreldesi alan häsiýetleri hem edep- ekramy bilen bezeýärdigini goşgy setirleriň üsti bilen şahyrana beýan edýär.
Magtymguly beýik Watançy şahyr hökmünde hem biziň aňymyzda ýaşaýar. Onuň gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, birleşmek hakyndaky şygyrlary onuň döredijiligine iň görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Magtymguly edebi dili halk medeniýetiniň ösmeginiň, hökmany şertleriniň biri hasaplapdyr. Magtymguly edebiýatynyň diliniň halka düşnükli bolmagy ugrunda göreşip, çeperçilik serişdelerini öz eserlerinde örän ýerlikli ulanypdyr. Onuň şygyrlarynda halka düşnüksiz pikirlere, arap-pars sözlerine seýrek duşulýar. Bu bolsa onuň goşgularynyň höwes bilen okalmagyna sebäp bolýar. Magtymguly halkyň diline daýanmak bilen, ondan dilewarlygy we sadalygy öwrenipdir. Şahyr dili ösüş we göreş guraly hökmünde ulanypdyr. Beýik şahyr Magtymgulynyň eserleri durmuşyň dürli-dürli taraplaryny öz içine alýar. Magtymgulynyň döredijiliginden hem islän zadyňy, bilmek isleýän meseläňi tapmak bolýar. Bu günki günde Magtymguly Pyragynyň eserlerini öwrenmeklik we olaryň üsti bilen uly magny çykarmak we özleşdirmek biz ýaşlar üçin uly bir mekdep bolup durýar.
Taňryberdi HOMMADOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.