Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ✦ ✦ Banklarda maliýe hasabaty we onuň seljermesi ✦ ✦ Tebigatyň şypaly gymmatlygy ✦ ✦ Daýhan baýasa, ýurt baýar ✦ ✦ Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy ✦ ✦ Ýaşlar — geljegi gurujylar ✦ ✦ Çaga terbiýelemek her bir parasatly ynsanyň Watan öňündäki mukaddes borjudyr ✦ ✦ Çagalar baglarynda sanly ulgamyň ähmiýeti ✦ ✦ Bagtyýar çagalaryň bakja-bagy ✦ ✦ Ilon Mask: bir sagatdan az wagtyň içinde dünýäniň islendik nokadyna ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkiýede dabaraly çäreler geçirildi
  06.11.2024
79
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkiýede dabaraly çäreler geçirildi

1-2-nji noýabr aralygynda Türkiýäniň Kapadokiýa sebitinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu çäreler, türkmen-türk medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy we Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlyk birleşigi (EkoAwrasya) tarapyndan gurnaldy.

 

2-nji noýabrda ir säher bilen Kapadokiýanyň Göreme seýilgähinde 300 sany howa şary türkmen we türk baýdaklary hem-de Magtymguly Pyragynyň suratlary bilen bezelen görnüşde asmana uçuryldy. Dabara gatnaşyjylar şarlarda Kapadokiýanyň gözel ýerleriniň üstünden uçup, özboluşly tebigaty synladylar. Dabaranyň ahyrynda, EkoAwrasya birleşigi tarapyndan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan bu howa festiwaly ilkinji gezek dünýäniň görnükli şahsyýetleriniň hormatyna geçirilen çäre hökmünde bellige alyndy we türkmen tarapyna degişli şahadatnama gowşuryldy.

 

Bu çäre Türkmenistanyň halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan goşandynyň ykrar edilmegi bolup, türkmen-türk gatnaşyklarynyň dostlugyny görkezýän möhüm waka hökmünde taryha girdi.
 

Röwşen Berdinýazow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby.