Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Magtymguly Pyragy - ylham çeşmesi
  05.07.2024
319
Magtymguly Pyragy - ylham çeşmesi

Magtymgulynyň ady, onuň şahyrana owazy öz döwründe we şondan soňraky ýyllarda, aýratynam Garaşsyzlyk döwründe, hususan-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary derejedäki umumy döwlet syýasaty bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde daglardan eşidilýän ýaň ýaly bolup, häli-şindi ýaňlanyp, älem-jahana ýaýrady. Bu adyň we bu owazyň özboluşly, iňňän gymmatly tarapy onuň ýeke-täk bir şahsyýetiň mertebesini aňlatman, eýsem, tutuş bir milletiň–türkmeniň at-owazasyny, abraýyny belende galdyrandygy bilen häsiýetlendi. Dogrusyny dogry aýtmaly, batyrlygyň, adamkärçiligiň, azatlygyň, zähmetsöýerligiň, halallygyň, watançylygyň, parasatlylygyň, kiçigöwünliligiň, kanagatlylygyň, oňşuklylygyň, myhmansöýerligiň, umytlylygyň, ýoldaşlylygyň we adama mahsus gaýry bir topar oňat häsiýetleriň hemmesini özünde jemleýän türkmeniň hakyky bitewi keşbi häli-häzirlerem Magtymgulynyň döredijiligindäki ýaly derejede doly we hertaraply, çeper we çuňňur, ähli döwürleriň durmuş hakykatyna laýyk gelýän röwüşlerde şekillendirilen däldir.

 

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Magtymgulynyň döredijiliginiň dünýä derejesinde öwrenilmegine badalga berildi. 2008-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen «Magtymguly we dünýäniň ruhy medeni gymmatlyklary» atly halkara maslahaty muňa şaýatlyk edýär. Oňa dünýäniň 20 ýurdundan gelen alymlar gatnaşdylar. ABŞ-dan, Russiýadan, Türkiýeden, Hindistandan, Pakistandan, Eýrandan, Owganystandan, Ýewropa ýurtlaryndan, Täjigistandan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen görnükli alymlar Magtymgulynyň döredijiliginiň dürli taraplary barada giňişleýin söhbet açdylar.

 

2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenmegi beýik şahyra beýik sarpa goýulýandygynyň ýene‑de bir aýdyň mysaly bolup durýar.

 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda  dowam edýän 2024-nji ýylda beýik söz ussadynyň 300 ýyllyk toýunyň uludan dabaralandyrylmagy bolsa akyldaryň döredijiliginiň ýene bir gezek beýgelendiginiň aýdyň mysaly bolup durýar. Şeýle şanly toýuň toýlanýan günlerinde dana Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň açylyp türkmen halkyna peşgeş berilmegi diýseň guwandyryjy waka boldy.

 

Aslynda adam durmuş örküni diňe mukaddeslikde görýär. Mukaddes işler hem ynsan ömrüni beýgeldýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli işleriň ählisi-de mukaddeslikdir. Şeýle işleriň biri-de, türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyraga goýulýan sarpa, ata-babalarymyz tarapyndan dowam edip gelýän milli mirasymyzyň ýaş nesillere geçirilmegidir. Milli ýörelgelerimiziň dowamatynyň dowam bolmagy we dana Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilmegi we dünýä ýaýylmagy  ugrunda irginsiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Laçyn SABYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.