Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /«Magtymguly Pyragy» muzeýinde ylmy-amaly maslahat we köpçülikleýin çäreler toplumy geçirildi
  11.05.2024
209
«Magtymguly Pyragy» muzeýinde ylmy-amaly maslahat we köpçülikleýin çäreler toplumy geçirildi

10-njy maýda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» muzeýinde «Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahat we birnäçe çäreler toplumy geçirildi.

 

Ir säher bilen dabara gatnaşyjy wekiliýet Magtymguly etrabynda ýerleşýän “Magtymguly Pyragy” muzeýine bardylar.

 

Bu medeni köpçülikleýin çäreler toplumy Balkan welaýat häkimliginiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we Milli golýazmalar institutynyň bilelikde guramagynda geçirildi.

 

Ilki bilen “Magtymguly Pyragy” muzeýiniň öňünde bolan aýdym-sazly dabara we «Akyldary sarpalap, galkyndyryp çar ýany, toý baýrama beslenýär Pyragynyň mekany» atly edebi-sazly kompozisiýa dabara badalga berdi. Soňra çärä gatnaşyjylar akyldar şahyryň muzeýiň öňündäki heýkeline gül çemenlerini goýup, söz ussadynyň ruhuna tagzym etdiler.

 

Dabaranyň çäklerinde  ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň arasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, «Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi.

Şöhrat Akmämmedow,
TMÝG-niň Babadaýhan etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň 
esasy hünärmeni.