logo

Latest news:
✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦
Home / Culture /Magtymguly Pyragy - köňülleriň şamçyragy
  21.04.2024
673
Magtymguly Pyragy - köňülleriň şamçyragy

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli şahyry bolmak bilen bir wagtda, bütin adamzadyň akyldar şahyrydyr. Çünki söz ussadynyň gozgan dünýewi we ylahy meseleleri, olaryň akyl parasata eýlenen çözgütleri Ýer togalagyna guşak bolup guşalýar. Magtymgulyny okan özge halkyň wekili türkmen halkynyň ynsanperwer taglymlaryny we tutuş ynsanýete degişli taglymatlaiyny görüp bilýär. Akyldaryň şygyrlaryndaky sözler halkyň berýän bahasy bilen utgaşyp gidýär. Dogrudan-da, Magtymgulynyň döredijiligi adamzat ýaşaýşyna degişli umumy we hemişelik meseleleri, türkmen durmuşynyň ululy-kiçili ähli ýol-ýodalarynyň ählisini özünde jemläpdir. Ol ynsan ýaşaýşynyň şahyrana ensiklopediýasydyr.   

 

Magtymgulyny okan din hadymy özüniň gözleýän meselesini tapyp biler, ylym adamsy ony okap ylmyny artdyryp biler, döwlet işgäriniň hem şahyryň şygyrlaryndan alyp biljek pähim paýhaslary ummasyzdyr. Daýhan, işçi, gullukçy bütin halk özüniň idegini ussadyň şygyrlaryndan tapyp gelipdi. Häzirem şeýle, gelejekde-de şeýle bolar. 

 

Magtymguly Pyragy adamlarda ýagşy gylyk-häsiýetleri, ahlak sypatlaryny terbiýelemek bilen jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ýüze çykýan nogsanlyklary aradan aýyrmak bolar diýen netijä gelipdir. Şonuň üçin-de ol ynsany bezeýän, ony hakyky ynsan edýän, mertebesini beýgeldýän ähli ýagşy gylyk-häsiýetler hakynda söz açypdyr. Gowy gylyk-häsiýetleriň, ahlak sypatlarynyň döwürdeşlerinde we geljekki nesillerde bolmagyny isläpdir. Magtymgulynyň mekdebi şu günler hem dowam edýär. Ol mekdep Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasatyna adalatly baha bermek, halkyň nukdaýnazaryndan wasp etmek, milli bähbitleri göz öňüne tutmak ýaly uslyplaryň göreldesini görkezýär. Akyldar şahyr Magtymgulynyň şan-şöhraty Garaşsyzlyk ýyllarymyzda has-da belende göterildi. Bular Garaşsyz Turkmenistan döwletiniň we halkymyzyň öz akyldaryna goýýan sarpasyndan nyşandyr. 

 

Barno JABBAROWA,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirilen 36-njy orta mekdebiniň
başlangyç synp mugallymy.