Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Uzak ýaşaň Arkadag! - Toýly Jänädow ✦ ✦ Bir gektar ýerdäki ösümlikler näçe kislorod öndürýär? ✦ ✦ Ekerançylyk medeniýetiniň gözbaşy ✦ ✦ Arkadag şäheri – ýaşlaryň şäheri ✦ ✦ 1 million tonnadan gowrak bugdaý Watan harmanyna tabşyryldy ✦ ✦ Medeniýetiň sarpalanýan diýary ✦ ✦ «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsümi başlandy ✦ ✦ «Magtymguly» diýip adym tutsalar... ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap durmuşyň nusgasy ✦ ✦ Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi dowam edýär ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Magtymguly Pyragy — dünýä medeniýetiniň taryhynda
  22.06.2024
43
Magtymguly Pyragy — dünýä medeniýetiniň taryhynda

Dünýä belli akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň paýhas eleginden syzylyp çykan şygyrlar hazynasy bilen tanşyp, olary pikiriňde aýlanyňda, beýik akyldaryň öz halkyna binýady berk ýurdy isländigine göz ýetirýärsiň. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäher kitaphanasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz mynasybetli hem-de bu şanly ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde toýlamak maksady bilen, «Magtymguly Pyragy — dünýä medeniýetiniň taryhynda» diýen at bilen şahyryň goşgularyny çeper okamak boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi.

 

Bu bäsleşikde Serhetabat şäher kitaphanasynyň müdiri Akbibi Orazowa hem-de etrap ýaşlar guramasynyň guramaçylyk bölüminiň müdiri Aknur Geldiýewa dagylar bäsleşige gatnaşyjylara Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adamlaryň belent ruhuna ruh, mizemez ynamyna ynam goşýandygyny ündediler. Müdimilige öwrülen goşgularyň setirinde söz ussadynyň köp öwüşgünli tilsimleri ulanmagy bilen, olar ynsana öwüt-ündew edýänýändigini, nähili hereketleriň haýsy menzile eltjekdigi danalyk bilen beýan edilýändigini bellediler. Olar bäsleşigiň soňunda beýik şahsyýetiň ruhuny tirsegine galdyrmakda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleriniň uzak, janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Tawus AŞYROWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.