logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Magtymguly – dünýäniň akyldary
  09.07.2025
1453
Magtymguly – dünýäniň akyldary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, täze ýylyň öňüsyrasynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň halkymyza ýetirilmegi uly waka boldy. Bu eser, türkmen halkynyň milli buýsanjy, XVIII asyryň görnükli şahyry, Magtymguly Pyraga bolan çuňňur hormatyň nyşanydyr. Kitapda beýik söz ussadynyň pähim-paýhasly, nesihat berýän goşgularynyň häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýändigi giňden beýan edilýär.

 

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ar-namys, watançylyk, ynsanperwerlik, agzybirlik, mertlik, rehimdarlyk ýaly belent häsiýetlerini şöhlelendirýän şygyrlary bilen halk arasynda nusgalyk sözleriň, parasatly pikirleriň çeşmesine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň onuň döredijiligine ýüzlenmegi akyldar şahyra goýulýan beýik sarpanyň beýanydyr.

 

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi diňe bir türkmen jemgyýeti üçin däl, eýsem, bütin adamzat üçin parahatçylyk, jebislik, dost-doganlyk ýörelgelerini wagyz edýän gymmatly filosofiýadyr. Bu gün biz beýik şahyryň “Berkarar döwlet islärin” diýen arzuwlarynyň hasyl bolýan zamanasynda ýaşaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde möhüm ädimler ädilýär.

 

Beýik şahyryň döredijilik mirasy häzirki wagtda dünýä derejesinde giňden öwrenilýär we dürli dillere terjime edilýär. Polýak ýazyjysy Aleksandr Holske Bareýko tarapyndan onuň goşgularynyň iňlis diline terjime edilmegi, şeýle hem dünýä belli alymlar – Armeni Wamberi, Bartold, Bertels ýaly alymlaryň işlerinde Magtymguly hakynda giňişleýin maglumatlaryň bolmagy muňa şaýatlyk edýär. Bu ýagdaý akyldar şahyra dünýä derejesindäki uly gyzyklanmanyň bardygyny görkezýär.

 

Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly eseri Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bolan gyzyklanmanyň has-da artmagyna ýardam eder.

 

Tagandurdy GURBANDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.