Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Magtymguly — dünýä şahyry
  24.07.2024
244
Magtymguly — dünýä şahyry

Magtymguly kim bolupdyr? Magtymguly – akyldar, ussat şahyr, pedagog, watançy, syýahatçy... Magtymgulyny kime deňäp bolar? Magtymgulyny diňe Magtymgulynyň özüne deňemek mümkin, türkmenler: «Ol Magtymguly ahyry!» diýip aýdýarlar. Bu düşünje halkyň söýgüsinden habar berýär. Halk ähli çylşyrymly meseleleriň akyl-paýhasly çözgüdini, kararyny Magtymgulynyň döredijiliginden gözleýär hem tapýar.

 

Magtymgulynyň edebi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri, onuň uly şahsyýeti belent adamkärçiligiň, ylahy päkligiň, ahlagyň, mertligiň, salyhatlylygyň, watançylygyň, ynsabyň ölçeg daşy bolup türkmen halkynyň arasynda asyrlarboýy ýaşap gelýär.

 

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanandan soňra, Magtymgulynyň at-abraýy öňküden-de belent basgançaklara göterildi. Häzirki döwürde – bagtyýarlyk zamanamyzda Magtymgulynyň at-abraýy dünýäniň köp ýurtlaryna, ülkelerine ulaşdy. Magtymguly türkmen halkynyň guwanjydyr we buýsanjydyr. Döwürdeşleri öz wagtynda şahyryň şygyrlaryny ýat tutupdyrlar, hatly-sowatly adamlar biri-birlerinden göçürip alypdyrlar. Şahyr geçen asyrlarda-da halk içinde meşhur bolupdyr. 

 

Akyldar şahyryň goşgulary XX asyrda dünýä dilleriniň ençemesine terjime edildi, birnäçe gezek türkmen dilinde neşir edildi we neşir edilýär. Magtymguly geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyrydyr.

 

Magtymguly dünýä halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanyp, türkmen edebiýatyny Ýer ýüzüne äşgär eden ussat. Onuň ussatlygy, ilkinji nobatda, milliligindedir, halkylygyndadyr. Akademik W.W. Bartold bu barada: «...türki halkyýetleriň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenler» diýip, uly hormat bilen ýazypdyr. Beýik akyldar şygyrlarynyň milliligi bilen «Dünýä şygryýetiniň Elbrusy» (şahyr Kaýsyn Kulyýew) belentligine göterildi.

 

Halk arasynda «Magtymguly hemme zady bilipdir», «Ol bar zada göz ýetiripdir», «Magtymgulynyň aýtmadyk zady ýok», «Magtymguly aýdan bolsa dogrudyr» diýlen ýaly gürrüňler bar. Şunuň özi göterim gürrüň bolman, şahyryň döredijiligine berilýän takyk kesgitlemedir. «Halk aýtsa, galp aýtmaz». Akyldar şahyr «Bu dünýä» goşgusynyň başynda: 

Magrypdan maşryga dünýäniň ýüzi, 

Diýmäň, bize mälim däldir bu dünýä

– diýip ýazypdyr. Akyldaryň şygyrlaryndaky sözler halkyň berýän bahasy bilen utgaşyp gidýär. Dogrudan-da, Magtymgulynyň döredijiligi adamzat ýaşaýşyna degişli umumy we hemişelik meseleleri, türkmen durmuşynyň ululy-kiçili ýol-ýodalarynyň ählisini özünde jemläpdir. Ol ynsan ýaşaýşynyň şahyrana ensiklopediýasydyr. 

 

Magtymgulyny okan din hadymy özüniň gözleýän meselesini tapyp biler, ylym adamsy ony okap, ylmyny artdyryp biler, döwlet işgäriniň hem şahyryň şygyrlaryndan alyp biljek pähim-paýhaslary ummasyzdyr. Daýhan, işçi, gullukçy – bütin halk özüniň idegini ussadyň şygyrlaryndan tapyp gelipdi. Häzirem şeýle, geljekde-de şeýle bolar.

 

Aýmyrat ÝUSUPOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.